Primary tabs
Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda we biziň ýurdumyzyň Italiýadaky ilçihanasynyň gös-göni gatnaşmagynda geçdi.
Italiýa tarapyndan oňa medeniýet ministrliginiň diwanynyň ýolbaşçysy Wirto D´Adamo, medeniýet ministriniň orunbasarynyň kabulhanasyndan sungaty öwreniji Sýuzanna Meurer, medeniýet ministriniň diplomatik geňeşçisiniň işgäri Marko Bowe we rejeleýiş ugrundan ýokary bilim institutynyň ýolbaşçysy Marko Puzoni gatnaşdylar.
Duşuşyk taraplaryň medeni alyş-çalyşlary giňeltmek, her bir tarapyň bähbitlerine we isleglerine düşünmek maksady bilen meýilleşdirildi. Wirtual gepleşiginiň barşynda birnäçe anyk teklipler we islegler beýan edildi. Olar bilim serişdelerini, ylmy barlaglaryny alyşmak, medeni mirasyň desgalaryny gorap saklamak we mundan beýläk-de wagyz etmek baradaky meýilnamanyň esasyny düzdi. Bu meseleler baradaky bilelikdäki iş toparynyň ilkinji mejlisinde giňişleýin gürrüň edildi.
Italiýalylar medeni obýektleri, şol sanda uçarmansyz uçýan enjamlaryň kömegi bilen öz ýurtlarynda ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň ulanylyşynyň manitoriny barada gürrüň berdiler, şeýle hem rejeleýiş işini geçirmek ulgamynda hünärmenleri taýýarlamagyň düzümini açyp görkezdiler. Türkmen tarapyndan çykyş edenler Italiýanyň medeni mirasynyň aýratyn ornuny we gadymylygyny, onuň ussatlarynyň adamzat hazynasyna goşandyny, şeýle hem ol ýurduň meşhur muzeýleriniň işiniň ýokary derejede guralyşyny we olaryň işgärleriniň arheologiýa, rejeleýiş işleri we gymmatlyklary gorap saklamak babatdaky hünär ussatlygyny bellediler. Hususan-da, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçysy M.Mämmedow we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory M.Çaryýew dürli meselelere bagyşlanan sergileri alyşmak we Türkmenistanyň medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak babatda Italýan hünärmenleriniň tejribesinden peýdalanmak barada tekliplerini aýtdylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça resminama, hakykatda ýol kartasyny düzmek kararyna gelindi. Onda mundan beýläkki gatnaşyklaryň ugurlary beýan ediler.