Primary tabs
Türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhyny we medeni mirasyny häzirki zaman nukdaýnazaryndan öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak wezipesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylykly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şöhratly taryhy altyn harplar bilen ýazylan türkmen topragynda umumadamzat taryhynyň şaýady bolan arheologik ýadygärlikleri, milli mirasymyzy, medeni gözelliklerimizi gorap saklamak has hem ähmiýetlidir. Munuň özi halkymyzyň taryhymyza, maddy-medeni mirasymyza bolan belent sarpasyny artdyrýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygy geçirilip, çäräniň çäklerinde taryhyň syrly wakalaryny çözlemeklige ýardam berýän arheologik gymmatlyklary jemleýän Sergi hem guraldy. Dabara «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli çykyşlar bilen başlandy hem-de oňa gatnaşyjylar «Türkmenistanyň gadymyýeti: ýadygärliklerdäki ylmy-barlaglar we rejeleýiş işleri» atly täze kitap bilen hem tanyşdyryldy.
Ýurdumyzda ýerleşýän ýadygärlikler adamzadyň maddy medeniýetini öwrenýän alymlary öz baý tapyndylary bilen begendirip, taryhyň gatynda gizlenip galan syrlary açmaga, gadym zamandaky medeni gatnaşyklaryň häsiýetini we dünýä taryhynda tutýan ornuny aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Döwlet muzeýinde «Taryhyň öçmejek yzlary» atly guralan sergide Türkmenistanyň gadymy döwrüne, antika eýýamyna we orta asyrlara degişli bolan muzeý gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikleriň fotosuratlary görkezildi. Taryhyny aýap, geljegini gözellikden bina edýän halkymyzyň şöhratly taryhy, ýurdumyzyň ösüşini beýan edýän çeper many-mazmuna ýugrulan, özüneçekiji fotosuratlar bilen bezelen kitaplar hem bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy.
Günüň ikinji ýarymynda Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygynyň umumy mejlisi öz işine başlady we onda türkmen alymlarynyň hem-de daşary ýurt ylmy institutlarynyň wekilleriniň, alymlarynyň we arheologlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşlary diňlenildi. Italiýanyň Turin şäheriniň Arheologik gazuw-barlaglar Merkeziniň direktory, arheologiýanyň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Karlo Lippolis «Köne Nusaý galasynyň suw üpjünçilik ulgamy», Russiýa Federasiýasynyň N.N. Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň direktory, taryh ylymlarynyň doktory, professor Dmitriý Funk «Rus-türkmen ylmy gatnaşyklary», Fransiýanyň Tebigy taryhyň milli muzeýiniň baş ylmy işgäri, arheologiýanyň doktory Julio Bendezi-Sarmiýenton «Ulugdepe ýadygärliginde türkmen-fransuz ekspedisiýasy tarapyndan edilen täze açyşlar», ABŞ-nyň Sent-Luis şäheriniň J. Waşington adyndaky uniwersitetiniň ylmy işgäri, arheologiýanyň doktory Lenni Mariýe Rouz «Murgap derýasynyň gadymy akabalarynyň ugrundaky bürünç zamanynyň çarwa medeniýetine degişli ýadygärlikleriň öwrenilişi», Russiýa Federasiýasynyň N.N. Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa «Goňurdepe ýadygärliginde soňky ýyllarda edilen arheolok açyşlar», Italiýanyň Boloniýa şäheriniň uniwersitetiniň professory, arheologiýanyň doktory Barbara Çerazetti «Merw oazisiniň demirgazyk bölegindäki bürünç we irki demir asyrlaryna degişli ýadygärlikler», Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň professory, ÝUNESKO-nyň Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak baradaky Halkara geňeşiniň (IKOMOS) bilermeni Tim Wilýams «Merwiň ýadygärlikleriniň öwrenilişi we goralyp saklanylyşy» atly temalarda täsirli çykyş etdiler. Umumy mejlis tamamlanandan soň, çykyşlar bölümçelerde dowam etdirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde taryhy-medeni ýadygärlikleriň orny» atly üçünji bölümçe hereket etdi. Soňra «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşyga gatnaşyjylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenmesi kabul edildi.