Tebigatda guşlaryň köpdürliligi

 

Her ýylyň 1-nji aprelinde bütin dünýäde Guşlaryň halkara güni bellenilýär. Bu baýramçylyk daşky gurşawy aýawly saklamak babatda wajyp pikirleri wagyz etmäge bagyşlanýar we Ýeriň ýüzünde köp guşlaryň ýitip gitmegi bilen bagly meseleleri çözmek babatda adamlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Guşlar ýer şarynyň ähli materiklerinde we adalaryň köp böleginde mesgen tutýarlar. Guşlar dünýäsiniň dürli reňkleri we ajaýyp sesleri adamlary haýran edýär. Guşlaryň uçmaga ukyplylygy olary planetamyzyň serhetsiz ýaşaýjylaryna öwürdi. Dünýä faunasynda häzirki döwürde guşlaryň 9000-e golaý görnüşi bellidir.

Guşlaryň baýramçylygy ilkinji gezek 1894-nji ýylda ABŞ-nyň Oýyl-Siti şäherinde bellenilýär we habar beriş serişdeleri arkaly bütin dünýäde giňden meşhurlyk gazanýar, soňra bu baýramçylyk Ýewropa aralaşýar hem-de häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär.

Türkmenistanda Guşlaryň gününi bellemegiň taryhy we olary goramak dünýä belli ornitolog – türkmen akademigi, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň geňeş agzasy A.G.Rustamowyň ýolbaşçylygynda 1968-nji ýylda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. Tanymal alym ÝUNESKO-nyň Guşlaryň gününi bellemek pikirini goldaýar we Türkmenistanda hem bu güni her ýylyň 1-nji aprelinde bellemegi teklip edýär.

Menzbir ornitologik jemgyýetiniň Türkmen şahamçasynyň agzalarynyň başlangyjy we Beýik Britaniýanyň guşlary goramak Korollyk jemgyýetiniň goldamagy esasynda 2004-nji ýylda Türkmenistanda Guşlaryň güni täze hyjuw bilen bellenip başlanyldy. Şol ýyl Türkmenbaşy şäherinde guşlary söýüjiler kluby hem döredildi.

Guşlaryň halkara güni mynasybetli 2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Tebigatda guşlaryň köpdürliligi» atly sergini gurnady. Sergide tebigatda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleriniň, olaryň ýumurtgalarynyň, höwürtgeleriniň, suratlarynyň üsti bilen bu jandarlaryň köpdürlüligi we owadanlygy görkezilýär. Sergide ilkinji gezek imperator pingwiniň, kazuar guşuň, Afrikada ýaşaýan düýeguşuň, Awstraliýada duş gelýän emu guşuň ýumurtgalary sergilenýär. Ondan başga-da sergide guşlara degişli ylmy we ylmy-populýar kitaplar, žurnallar, nakgaş eserleri, sowgatlyklar hem-de haly pannolar sergilenen. Biziň ýurdumyzyň guş öwreniji alymlary diňe Türkmenistanda däl, eýsem köp ýurtlarda tanalýar. Olaryň portretlerini hem sergide görmek bolar.