Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyna bagyşlap maslahat geçirildi we sergi açyldy

 

Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda milli mirasymyzyň orny» atly III bölümiň mejlisi geçirildi

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmek we olary wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler has-da kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün şekillendiriş sungatynyň esasyny düzýän ugurlar bolan – nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, keramika, zergärçilik ýaly birnäçe görnüşlerine aýratyn üns berilýär. Şekillendiriş sungatynda, häzirki zaman türkmen halylarynda, heýkeltaraşlyk we küýzegärçilik sungatynda zenanlaryň keşbi, milli äheňler, häzirki zaman çeper eserleri döretmegiň ugurlary ulanylýar. Şekillendiriş sungatynda gadymy sungat bolan grafika aýratyn hem soňky ýyllarda özüniň ösüş ýoluny üstünlikli we netijeli dowam etdirýär. Nakgaşlarymyzyň döredýän nakgaş eserleri, zergärlerimiziň zergärçilik önümleri adam durmuşyny bezeýän iň ajaýyp sungatdyr. Şekillendiriş sungatynda taryhy žanr hem wajyp orny eýeleýär, ol tomaşaçyny gadymyýetde bolup geçen wakalaryň jümmüşine getirip, onuň şaýadyna öwürýär.

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzyň şanly ösüşlerini, özgerişlerini, döredijilik eserlerinde wasp etmekde ýurdumyzyň sungat işgärleri özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Ajaýyp eserleri bilen türkmeniň geçmişini, şu gününi şekillendirýärler.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda milli mirasymyzyň orny» atly III bölümiň mejlisi geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew alyp batdy. Maslahatda «Güneş» žurnalynyň suratkeşi, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Döwletgeldi Akyýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Gülälek Keroglyýewa, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Orazmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gunça Gurbangeldiýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Bagtygül Hojageldiýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň I derejeli suratkeş rejeleýjisi Söýün Sähetgylyjow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jemal Toryýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Amanmuhammet Hydyrow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Döwrangeldi Moýtyýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Mähri Atdaýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Azat Alihanow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň orunbasary Jennet Amanowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň şekillendiriş sungaty bölüminiň uly ylmy işgäri Gunça Ýazmuhammedowa gatnaşdylar. 

Maslahata gatnaşyjylar şekillendiriş sungatynyň esasy ugurlary, ýagny nakgaş eserlerinde, heýkeltaraşlykda, grafika eserlerinde, keramika, zergärçilik sungaty barada çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň häzirki zaman grafika sungaty, keramika sungatynda milli keşpler, kiçi göwrümli heýkel eserleri, türkmen nakgaşçylygynda enäniň, şeýle hem zenanlaryň keşbi, keramika sungatynda tebigatyň şöhlelendirilişi, nakgaşçylyk sungatynda bahar paslynyň waspy, oba temasy, zenan suratkeşleriniň döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Soňra myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli muzeýiň gaznalarynda saklanylýan şekillendiriş sungatyna degişli gymmatlyklardan guralan «Siz Diýaryň, siz dünýäniň bezegi» atly sergini aýlanyp gördüler.