Primary tabs
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «EKSPO – 2020» Bütindünýä serginiň medeniýet bölüminde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýygyndylary, ýagny ajaýyp zergärçilik önümleri, el işleri, türkmen halylary hem-de haly önümleri we beýleki özboluşly gymmatlyklar görkezilýär. Monitorlarda türkmen halkynyň maddy medeni mirasy bilen tanyşdyrýan slaýdlar we wideorolikler görkezilýär.
«EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde meýilnama esasynda ýaňy ýakynda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ekspozisiýasyndaky gymmatlyklar bilen tanyşdyryldy. Onda Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasyna we tebigatyna degişli bölümleri bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Myhmanlar türkmen milli şaý-sepleri, hojalyk esbaplary, türkmen milli lybaslary, türkmen halkynyň durmuşy hem-de türkmen tebigatynda duş gelýän täsinlikler, haýwanat we ösümlik dünýäsi, türkmen tebigatynyň gözellikleri bilen tanyşdyrylar. Sanly ulgam arkaly geçirilýän şeýle çäreler, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýan gymmatlyklar bilen gyzyklanýan daşary ýurtly raýatlara hem giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berýär.