Primary tabs
2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebinde «Aşgabat şäheriniň bezeg ösümlikleri» atly göçme sapak geçirildi
2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi tarapyndan Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebinde «Aşgabat şäheriniň bezeg ösümlikleri» atly göçme sapak geçirildi.
Bu sapakda biziň şäherimizi bezeýän agaç we gyrymsy agaçlaryň dürli görnüşleriniň gerbarileri we ekranda suratlary görkezildi. Okuwçylar sapakda her görnüşiň biologiki aýratynlygy, olaryň haýsy ýurtdan Türkmenistana getirilişi, ýaýran ýerleri we köpelişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri ösümlikler bilen bagly rowaýatlary gürrüň berdiler.