Maddy medeni mirasy öwrenmek hem-de muzeýleşdirmek

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzyň taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hem-de muzeýleriniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda wideoaragatnaşyk arkaly «Maddy medeni mirasy öwrenmek hem-de muzeýleşdirmek» atly amaly maslahat geçirildi

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy»  ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen halkynyň taryh ylmynyň gor çeşmeleriniň üstüni ýetirmek we kämilleşdirmek, maddy medeni mirasyny muzeýleşdirmek işine gönükdirilýän netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Halkymyzyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmek, maddy medeni mirasyny muzeýleşdirmek işini işeňňirleşdirmekde muzeýleriň uly ähmiýeti bar. Muzeýler türkmen halkynyň gadymy döwürlerden başlap biziň günlerimize çenli ýetip gelen maddy medeni mirasyny muzeýleşdirmegiň jogapkärli wezipelerini çözmekligiň amatly şertlerini üpjün edýär. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek boýunça düýpli barlaglar geçirmeklige, medeni mirasymyzyň çeşmeleriniň gözleglerini tertipleşdirmek we wagyz etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagyna itergi berýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hem-de muzeýleriniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda wideoaragatnaşyk arkaly «Maddy medeni mirasy öwrenmek hem-de muzeýleşdirmek»  atly amaly maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Şeýle hem Watan mukaddesligi muzeýiniň direktory Röwşen Nurmyradow, «Nusaý»  döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň bölüm müdiri Ogultäç Saşlyýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş-sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow, Gökdepe milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, «Gökdepe galasy»  taryhy – medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikleri goramak we rejelemek baradaky bölüminiň müdiri Oguldöndi Çaryýewa, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Gülşirin Oraztaganowa, Gadymy Dehistan döwlet taryhy-medeni goraghananyň müdiriniň orunbasary Rejep Şiriýew, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, «Gadymy Merw»  taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ylmy işgäri Dawutmyrat Öwezberdiýew, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýaňgybaýewa, «Kerki»  Taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýol görkezijisi Wepaly Hudaýnazarow, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Uzukjemal Ýazjumaýewa, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, Köneürgenç Taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Mämmetnepes Batyrow çykyş etdiler.

Onda taryhy goraghanalaryň we muzeýleriň hünärmenleriniň arasynda özara sazlaşykly iş alyp barmagyň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taryhy tapyndylar, toplanan maddy medeni mirasymyza degişli gymmatlyklar dikeldilenden soň, olary gorap saklamak üçin bildirilýän talaplar, otaglaryň içiniň gyzgynlylygyny we çyglylygyny üpjün edýän ýyladyş we howa çalşygy ulgamy, eksponatlar üçin ýörite tekjeler barada söhbetdeşlik geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen amaly maslahat muzeý işgärlerine maddy medeni mirasymyzy muzeýleşdirmek boýunça özara tejribe alyşmaklyga ýardam etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň taryhy, maddy medeni mirasymyzy muzeýleşdirmek işinde döredýän mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler.