Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Keçe türkmeniň çeper döredijiliginiň kämil nusgasydyr» atly maslahat geçirildi we maslahatyň çäginde sergi gurnaldy

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ene-mamalarymyzdan miras galan gadymy hünärlerimize, milli däp-dessurlarymyza ýokary derejede üns berilýär. Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklaryň arasynda keçäniň orny uludyr. Ene-mamalarymyzyň yhlasyna ýugrulyp taýýarlanylýan keçe önümleri milli amaly-haşam sungatymyzyň täsinligi hasaplanylýar.

Keçe etmeklik gadymdan bäri däp bolup gelýär. Keçe – mährem zenanlaryň köňül arzuwlaryny, türkmen tebigatynyň dili bilen beýan edip bolmaýan täsin gözelligini, halkymyzyň gadymyýetini we şu gününi şöhlelendirýän milli gymmatlyklarynyň biri bolup, öýlerimiziň, toýlarymyzyň ýaraşygy, sagdynlygyň girewidir. Halk arasynda keçeleriň «gülli keçe» we «gülsüz keçe» ýaly görnüşleri has bellidir. Eli çeper gelin-gyzlarymyz köp dürli keçe önümlerini taýýarlapdyrlar. Türkmen zenanlarynyň sungat derejesine ýetiren bu keçeleri biziň şu günlerimizde has kämilleşdirilip, döwrüň öwüşgini berlip, ýaş nesillerimize milli ýörelge hem görelde bolup hyzmat edýär.            

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylan 2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň bilelikde guramagynda «Keçe türkmeniň çeper döredijiliginiň kämil nusgasydyr» atly maslahat geçirildi we maslahatyň çäginde sergi gurnaldy.

Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Döwlet we jemgyýetçilik muzeýleriniň, muzeý gymmatlyklaryny saklaýjy merkezleriniň işini utgaşdyrmak bölüminiň müdiri Maýsagül Geldiýewa alyp bardy, şeýle hem dabarada maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary Ogultäç Hojanyýazowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Aýna Baýmyradowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň esasy kitaphanaçysy Akjemal Saparowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnogtafiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Bahartäç Rüstemowa we Aşgabat şäher merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy Arzuw Allaberenowa çykyş etdiler.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Keçe türkmeniň çeper döredijiliginiň kämil nusgasydyr» atly sergä aýlanyp gördüler.

Bu serginiň esasyny muzeýimiziň “Maddy medeniýet” gaznasynda goralyp, aýawly saklanylýan, bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen keçe we keçe önümleriniň birnäçesi, ýagny, düşeklik keçeler, ojakbaşy, atkeçeleri, keçeden bukjalar, keçe asmalyk we keçe taýýarlamak üçin ulanylýan zähmet gurallary bolan ýüň daraklar, saýgyçlar, gamyş dürli reňkli ýüňler we pişgeler düzýär. Keçe gülläp oturan türkmen zenanynyň keşbi sergini bezeýär. Muzeýimiziň “Sowgatlyklar” gaznasyndan türkmen tebigatynyň gözelligini wasp edýän panno halylary serginiň görküne gözelleşdirýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalýan her bir sergi ösüp gelýän ýaş nesilde zähmete we sungata bolan söýgini terbiýeleýär.