Primary tabs
Bitarap Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä döwletleri bilen halk hojalygynyň dürli ugurlary boýunça dostlukly, özara bähbitli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýar. Türkmenistan goňşy döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy hem giň gerim bilen ösdürýär. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna mähriban halkymyzyň gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýan baý medeni mirasy we ruhy gymmatlyklarynyň göniden-göni öz täsirini ýetirýändigini belleýär.
2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirileriň taryhy Döwlet muzeýiniň guramagynda «Teýmirileriň döwrüne degişli gymmatlyklary hem-de ýadygärlikleri öwrenmek we rejelemek» boýunça göni wideo aragatnaşyk arkaly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu ylmy maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen halkara ylmy maslahata Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Teýmirileriň taryhy Döwlet muzeýiniň direktorynyň ylym boýunça orunbasary S.B.Uljabaýewa, «Ylmy taýdan proýektirlemek we ekspozisiýalary hem-de sergileri çeperçilik taýdan bezemek» bölüminiň müdiri, taryhy ylymlarynyň doktory, professor A.A.Madraimow, «Fondlar we arhiw» bölüminiň müdiri N.A.Holowa we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory M. Çaryýew, Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy barlag bölüminiň ylmy işgärleri D. Kerimi, N. Nuryýew gatnaşdylar. Bu ylmy maslahatda iki dostlukly ýurtlaryň arasynda orta asyrlardaky taryhy kökler, medeni gatnaşyklar barada söhbetdeşlik guraldy.
Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu halkara ylmy maslahat iki dostlukly döwletiň taryhy-medeni gatnaşyklarynyň häsiýetini we dünýä taryhynda tutýan ornuny aýdyňlaşdyrmaga ýardam edýär.
Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Teýmirileriň taryhy Döwlet muzeýiniň arasynda we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hyzmatdaşlyk hakynda Memorandumyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň taryhyny öwrenmek işinde, hususanda, Teýmiriler eýýamynda biziň halklarymyzyň ösüşiniň umumylygyny belledi. Muzeý öwreniş, bibliografiýa, bilelikdäki sergileri geçirmek babatda maglumatlary alyşmak we muzeý gymmatlyklaryny saklamak we rejelemek ulgamynda ylmy hünärmenleriň saparlaryny guramak barada özara gyzyklanma bildirildi.