El hünäri - il gezer

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylan 2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda «El hünäri - il gezer» atly sergi gurnaldy

 

        «El hünäri - il gezer» atly serginiň esasyny gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan keşdelenen gyzyl, ýaşyl kürteler, ýaz paslyny ýada salýan ýaşyl çyrpylar, orta ýaşly zenanlarymyza mahsus bolan sary çyrpylar, kümüş saçly enelerimizi bezän ak çyrpylar, şonuň ýaly-da ýelek başatgyçlary, demirgazyk türkmen zenanlaryň başyna atynan hasaba başatgyjy, düýpli gyňaçlar,elde dokalan dürli reňkli ýüpek keteniler düzýär.

Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Yzzat Gylyjowyň «Jadyly nagyşlary», Şamuhammet Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi», ýaş suratkeş Aýgözel Çakanowanyň «Milli mirasyň şuglasy» atly nakgaş eserleri görkezilýär.

Muzeýiň sowgatlyklar gaznasynda goralyp saklanylýan ýurdumyzyň gözel tebigatyny, ýaşyl reňke bürenip duran ýaýlasyny, owadan ösümliklerini, haýwanat dünýäsini janlandyrýan haly pannolar serginiň görnükli orun tutýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň Etnografiýasy» ylmy barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Bahartäç Rüstemowa sergini alyp bardy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň deputaty Aýşat Göjenowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň  Halk maslahatynyň agzasy Ogulmaral Hojaýewa, Türkmenistanyň Halk artisti Züleýha Kakaýewa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Ogujemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Bahar Mämmedowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Aşgabat şäheriniň Ýaşulylar geňeşliginiň agzasy Bibigözel Mämmedowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Täçnabat Paýtykowa çykyş etdiler.