Parahatçylyk mukamy

 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýarlyk mekanyna öwrülen Berkarar döwletimizde taryhymyzy we däp-dessurymyzy, ata-babalarymyzyň ruhy siňen milli mirasymyzy asyl çeşmeleriň esasynda ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda milli mirasymyzy aýawly saklamak, baýlaşdyrmak hem­de giňden wagyz etmek üçin uly möçberli işleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Birleşen Milletler guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegine itergi bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama ÝUNESKO­nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

2022-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk mukamy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklardan sergi gurnaldy. Sergide Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän zergärleriň we senetçileriň döreden milli saz gurallary bilen baglanyşykly ajaýyp zergärçilik we sungat eserleri, milli saz gurallary görkezildi. Bulardan başga-da, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp şekilli halylary we türkmen halkynyň milli haly önümleri görkezildi.