Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 6-njy fewralynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda» atly maslahat geçirildi we «Dutaryň mukamy – köňlümiň owazy» atly sergi gurnaldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmak babatda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky maksada gönükdirilen ajaýyp tagallalary Türkmenistanyň Birleşen Milletler guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegine itergi bolýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKOnyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly hoş habar hem aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň durmuşyndaky şatlykly wakalar bagtyýar halkymyzy täze ýeňişlere, belent maksatlara ruhlandyrýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen belent ruhda başlanan 2022-nji ýylyň şanly gadamlaryna aýratyn joşgun beren bu waka Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary dikeltmek we ösüp gelýän nesillerimize ýetirmek babatda yzygiderli amala aşyrýan tagallalarynyň miwesidir.
Bu şatlykly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 6-njy fewralynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda» atly maslahat we ýurdumyzyň halk aýdym-saz sungatynyň köpugurly dünýäsini ösdürmäge bagyşlanan «Dutaryň mukamy – köňlümiň owazy» atly sergi geçirildi.
Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Atageldi Musaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbanjemal Ylýasowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň uly mugallymlary Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Milli saz gurallary orkestriniň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Söhbet Annamyradow we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülşirin Annamyradowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKOnyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Maslahatyň dowamynda dutarçy bagşy sazandalaryň joşgunly çykyşlary, ýerine ýetirilen hoş owazly, belent mukamly aýdymsazlary dabara gatnaşyjylaryň ýüreklerine ylham berip, kalplary joşa getirdi.
Meşhur halk sazandalarynyň, türkmen halk sazyny wagyz edijileriň döredijiligi barada gürrüň berýän «Dutaryň mukamy – köňlümiň owazy» atly sergide Döwlet muzeýiniň Ýazuw çeşmeleri gaznasynda irki döwürlerden bäri aýawly saklanyp gelýän, türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşan ençeme meşhur halypalarymyzyň fotosuratlary görkezildi. Şeýle hem, Döwlet muzeýiniň gaznahanasynda goralyp saklanylýan Bäşim Nuralynyň «Sekunda dutary», «Alt dutary», surnaý görnüşli gyjagy, «Çaga dutary» we başga-da birnäçe döreden saz gurallary görkezildi. Bulardan başga-da suratkeşleriň, zergärleriň we senetçileriň döreden eserleri, şeýle hem saz gurallary, kitaplar görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiz we sungatymyz baradaky eserlerine aýratyn orun berildi.
Ajaýyp waka bagyşlanan aýdymsazly maslahata we sergä gatnaşyjylar milli medeniýetimiziň, aýdymsaz sungatyny ösdürmek we dünýä ýaýmak ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli, dünýä möçberli alyp barýan beýik işleriniň hemişe üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.