Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Watan goragy – mukaddesligiň goragydyr” atly sergi gurnaldy.
Bu sergi Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bagly muzeý gymmatlyklary bilen açylýar. Onda döwlet Baştutanymyzyň harby gullukçylar bilen okuw-türgenleşik döwründe düşen fotosuratlary, hormatly Prezidentimize sowgat berlen Türkmenistan watanymyzyň ösüş-özgerişlerini sungatyň üsti bilen beýan edýän zergärçilik eserleri, gymmatbaha daşlar bilen bezelen gylyçlar we beýleki gymmatlyklar görkezilýär. Bulardan başga-da serginiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmak baradaky maglumatlar, Milli Goşunymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini, gazanan üstünliklerini açyp görkezýän gymmatlyklar bar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary serginiň görnükli ýerinde orun aldy.
Şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, syýasy we harby durmuşyny, gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýän gymmatlyklardyr fotosuratlar, dürli halylar we pannolar sergä aýratyn gelşik berýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça kafedrasynyň mugallymy Şamyrat Kürräýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Mekan Ataballyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçysy Begenç Amangeldiýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçysy Şöhrat Rejepow gatnaşdylar.