Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi

2022-nji ýylyň 20-21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebinde “Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi” atly sergi geçirildi

 

2022-nji ýylyň 20-21-nji ýanwarynda Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi tarapyndan Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebinde “Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi” atly sergi geçirildi.

 Bu sergide biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri we suratlary sergilenip görkezildi. Okuwçylar sergide her görnüşiň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri Türkmenistanda seýrek duş gelýän haýwanlary goramakda Döwlet goraghanalarynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.