Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadagly Diýarym – bagtyýarlygyň binýady” atly ylmy maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçirildi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Onuň şygarynda milli ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi watançylyk ruhunyň belende galmagyna we her bir raýatyň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesiniň artmagyna ýardam edýär. Ýyllarymyza at goýmak diýmek öňünde belent maksat tutmak diýmekdir. Täze, 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylmagy bilen halkymyz öz arzuwyna ýetdi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň milli Liderimize bolan hormat-sarpasynyň beýanydyr. Halkymyzyň beýik maksatlar, täze arzuw-umytlar bilen gadam basan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly hem, geçen ýyllardaky ýaly, beýik işleriň üstünlikli dowam etdiriljek ýyly bolar.

2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergi hem-de onuň çäklerinde “Arkadagly Diýarym – bagtyýarlygyň binýady” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň tanymal syýasatçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, döredijilik adamlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan “Arkadagly Diýarym – bagtyýarlygyň binýady” atly maslahatda çykyş edenler Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynda bitirýän ägirt uly hyzmatlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň täze şöhratly işlere we beýik özgertmelere beslenjekdigini nygtadylar.

Bu maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy Jeren Ýegenowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzasy Ogulmaral Hojaýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Sapargeldi Durdyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Raýat hukugy kafedrasynyň müdiri, hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent Aşyrgeldi Jumaýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň medeniýet bölüminiň baş hünärmeni Nedir Egemberdiýew çykyş etdiler.