Primary tabs
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda Berkarar döwletimiz gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň dürli ugurlar boýunça giň göwrümli eserleri döredýändigi hemmelere mälimdir. Milletimiziň baý ruhy, döredijilik we pähim-paýhas mirasy, medeni gymmatlygy, mähriban tebigatymyzyň gözelligi we bereketi, halk pähimi milletiň Lideriniň edebiýat işinde ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň paýhasyndan kemal tapan düýpli çeper we ylmy kitaplary ünsüňi özüne çekýär. Millionlarça okyjylara niýetlenen dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmançylygynyň özboluşly ensiklopediýasy bolan kitaplary adamzat medeniýetiniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ulgamyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.
Geçmişdäki edebi, medeni we taryhy maglumatlaryň gymmatyny gaçyrmajak dürdänelerini, geljegimize şugla saçýan taýsyz taglymatly özünde jemleýän Milli Liderimiziň ajaýyp kitaplary halkymyzyň her bir işinde ýol-ýörelge bolar. Döwlet Baştutanynyň her bir kitabynda okyjy ruhlandyryjy pikiri hem-de güýji tapyp biler, çünki olar gaýduwsyz watançy, hakyky alym we özgerdiji syýasatçy tarapyndan ýazylandyr. Döwlet Baştutanymyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine we ählumumy gymmatlyklara laýyk gelýän parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, adalatlylygy we raýdaşlygy ündeýän ençeme dürdäne pähim-paýhaslary beýan edilýär.
Milli Liderimiziň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ýaly ajaýyp kitaplary medeniýet işgärleri üçin hem gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary milli ruhy gymmatlyklaryň we mirasyň, şol sanda bagşylaryň däpleriniň nesilden-nesle geçijiligini aýawly saklamaga hem-de mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgi, Diýarymyzyň ajaýyp we beýik geljegine bolan berk ynam äşgär duýulýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilýän «Hormatly Prezidentimiziň eserleri milli gymmatlyklaryň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahata Döwlet muzeýiniň işgärleri uly höwes bilen gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Paýhas synagy» bölüminiň müdiri Aknabat Klyçewa ylmy-amaly maslahaty açdy. Maslahatda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty Jeren Atabaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Ogulbaýram Durdyýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Mähri Atdaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Laçyn Maşadowa, Aşgabat şäheriniň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Aýsona Allaberenowa çykyş etdiler.