Primary tabs
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi BMG-nyň kabul eden iki sany Rezolýusiýasy esasynda berkidildi hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynda öz aýdyň beýanyny tapdy. Bu waka Тürkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan maksatlary kesgitledi.
12-nji dekabryň bütin dünýäde «Halkara Bitaraplyk» güni hökmünde giňden bellenilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny ýene-de birgez beýgeltdi. Çünki biziň ata Watanymyz – eziz Türkmenistan, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwletdir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hem köp işler alnyp barylýar. Bitaraplygymyzyň şanly ХХVI ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy» atly sergi gurnaldy.
Sergide Aşgabat şäheriniň ajaýyp binalary, daşary ýurt döwletleriniň baýdaklary şekillendirilen fotosuratlar toplumy, hormatly Prezidentimize sowgat berlen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Türkmenistanyň Bitaraplygyny, Döwlet baýdagymyzy wasp edýän ajaýyp zergärçilik eserleri, ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan şekilli halylar, şekillendiriş sungatyna degişli surat eserleri, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary, albomlar serginiň täsirliligini has hem artdyrýar.
Bu sergi berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.