Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli «Mukaddes hatyra» atly sergi gurnaldy

 

Ýurdumyzda 6-njy oktýabrda 1948-nji ýyldaky elhenç Aşgabat ýer titremesinde we Gökdepe galasynda Watan goragynda gaýduwsyz söweşip, gahrymаnçylykly şehit bolan mähribanlarymyz ýatlanylyp geçilýär. Türkmen halkynyň taryhynda şol hasratly wakalardan bäri köp ýyl geçen hem bolsa, her bir türkmenistanlynyň kalbynda öçmejek yz galdyrdy.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gije Türkmenistanyň taryhynda iň elhenç ýertitremesi bolup geçdi. Ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, zawodlar hem-de fabrikler, hassahanalar, institutlar, muzeýler we medeni-taryhy ýadygärlikler göz açyp-ýumasy salymyň içinde haraba öwrüldi.Tebigy betbagtçylykdan aman galanlar heläkçilikden ejir çeken adamlary halas etmekde ýakyndan ýardam berdiler. Azyk önümleri, senagat harytlary, gurluşyk enjamlary, ulag serişdeleri bilen üpjün edilip başlandy. Gurnama öýler tizden tiz gurlup, wagtlaýynça hassahanalar, mekdepler, çagalar baglary ýerleşdirildi. Dürli ýerlerden lukmanlar gelip, gije-gündiz öz zähmetlerini gaýgyrman işlediler.

Ata-babalarymyzyň eziz Watanyna bolan çäksiz söýgüsi netijesinde Gökdepe galasynda 1881-nji ýylda halkyň azatlygyny we garaşsyzlygyny gorap görkezen edermenligi taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Şondan bäri köp wagt geçen hem bolsa, halkymyz Gökdepe galasyny goraýjylaryň görkezen edermenligi baradaky hakydany nesilden-nesile geçirip gelýär.

1994-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat ýer titremesinde wepat bolan ildeşlerimiziň ýadygärligini hatyralap, Döwlet derejesinde ilkinji gezek matam güni bellenilip geçildi. 1998-nji ýylda ýer titremäniň 50 ýyllygyna Aşgabatda hem-de Gypjak obasynda ýadygärlikler toplumy açyldy. 2009-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Gökdepe şäherinde Gökdepe metjidiniň golaýynda galada bolan söweşiň taryhyna bagyşlanan muzeý açylyp ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda Aşgabatda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy guruldy. Bu toplumda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Gökdepe söweşinde gurban bolan gahrymanlaryň we Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hormatyna bina edilen ýadygärlikler ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp gurnalan «Mukaddes hatyra» atly sergini muzeýiň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Soňra Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy barlag bölüminiň müdiri Annaoraz Abdyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň bölüminiň müdiri Amangül Karakulowa, Medeni aň-bilim işleri bölüminiň baş hünärmeni Durdymyrat Atdaýew, Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri Aýjeren Ýaýlymowa, Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri Nurmyrat Nuryýew, Muzeý gaznasynyň elektron binýadyny guramak we pasportlaşdyrmak bölüminiň hünärmeni Näzikjemal Durdykakaýewa çykyş etdiler.

Serginiň açyk diýlip yglan edilmegi bilen myhmanlar muzeý gymmatlyklaryny synladylar. Sergi olarda uly täsir galdyrdy.