Primary tabs
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gurnalan « Bilimli nesil – Watanymyzyñ beýik geljeginiň uly mertebesidir» atly sergi
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
“Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan özgertmelerimiz halkymyzyň şu gününe we ýagty ertirine ynamydyr, aýdyň maksadydyr”.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bilim ulgamynda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler bu gün ýurdumyzyň ýaşlaryny begendirýän, buýsandyrýan zatlaryň biri bolup durýar. Gurlup, ulanylmaga berilýän çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Şeýle hem ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin sport mekdepleri, medeniýet öýleri yzygiderli ulanylmaga berilýär. Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Ösüp barýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hem-de terbiýäniň hili gowulandyrylỳar.
Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan “Bilimli nesil – Watanymyzyň beýik geljeginiň uly mertebesidir“ atly sergi gurnady. Sergi hormatly Prezidentimiziň pähimli sözleri bilen başlaýar. Serginiň dowamynda türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserleri, täze okuw kitaplary öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş neslini suratlandyrýan fotosuratlar ýerleşdirilip, ol suratlaryň üsti bilen häzirki zamanda bilim ulgamyndaky özgerişlikler açylyp görkezilýär. Serginiň dowamynda nusgawy edebiýatymyzyň wekillerine XVIII asyrda ýaşap geçen, türkmen edebiýatynyň gülläp ösmegine uly goşant goşan, türkmen halkynyň beýik şahyrlary Döwletmämmet Azadynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň kitaplarynada orun berilýär. Sergide synp tagtasynyň hala geçirilen nusgasy görnükli orun eýeleýär. Tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, barlaghana enjamlary sergilenýär. Taryhy fotosuratlar sergide görkezilip, olaryň üsti bilen ilkinji alnan bilimler barada düşünje alyp bolýar.
Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk kämilleşdirmek boýunça geçirilýän netijeli işler üçin ýaşlaryň hormatly Prezidentimize alkyşy çäksizdir.