Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde «Perzent daragt bolsa, kökleri ene-atadyr» atly maslahat geçirildi
Ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Saglyk» döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň jan saglygy netijesinde döredijilikli zähmet ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Islendik işiň sakasynda ynsan saglygynyň durýandygy nukdaýnazaryndan alanymyzda adamyň durmuşy, jemgyýet üçin peýdaly iş bilen meşgullanmagy ilkinji nobatda, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde ynsan saglygynyň islendik jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň netijeli we işjeň häsiýetli wajyp şertleriň biridigini bütin dünýä ykrar edýär. Raýatlaryň jan saglygyny döwlet derejesindäki aladalaryň esasylarynyň hatarynda ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Diýarymyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ähmiýetli işler amala aşyrylýar.
Bu babatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda «Perzent daragt bolsa, kökleri ene-atadyr» atly ylmy maslahat gurnaldy. Maslahatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Zenanlar guramasynyň başlygy Ogultäç Hojanazarowa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Ogulnäzik Hapyzowa, Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidenti muzeýi bölüminiň müdiri Amangül Karakulowa, Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiriniň orunbasary Güljemal Annamyradowa, Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Aýjeren Ýaýlymowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň baş kitaphanaçysy Annagül Şiriýewa çykyş etdiler. Maslahata gatnaşan myhmanlar Döwlet muzeýiniň birnäçe gymmatly ekspozisiýalary bilen tanyşdylar, muzeý işgärleriniň gyzykly gürrüňlerini diňlediler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary maslahata myhman hökmünde gatnaşdylar.