Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 4-nji iýunynda «Ylym ynsan baýlygy» atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň

 4-nji iýunynda «Ylym ynsan baýlygy» atly sergi gurnaldy

 

         2021-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Ylymlar güni we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ylym ynsan baýlygy» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň tanymal alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Soňra duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professory Amanguly Magtymow, uly mugallymy Nurberdi Nurberdiýew, Türkmenistanyň Halk suratkeşi, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow, agrohimiýa we toprak öwreniş kafedrasynyň mugallymy Myratberdi Çopanow, Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylym işleri boýunça orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri Maral Sahatowa, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy edarasynyň tebigat gözegçisi Gülnar Çaryýarowa çykyş etdiler.

Serginiň açylyş dabarasynda alymlar ýurdymyzda ylmyň dürli ugurlary boýunça alyp barýan işleri, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi bellemegiň taryhy, biziň ýurdumyzda haýwanat we ösümlik dünýäsini goramakda alnyp barylýan işler we şol ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty barada çykyş etdiler.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgäri, Türkmenistanyň belli paleontology Aman Nigarowyň «Türkmenistanyň akçagyl döwrüniň jandarlarynyň aýak yzlary» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy hem geçirildi. Kitabyň resenzentleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň mugallymy, geologiýa-minerаlogiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakin we Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň uly mugallymy, geologiýa-minerаlogiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgerek Baýramdurdyýewa çykyş etdiler.

Bu ýyl sergä Aşgabat şäheriniň ýaş suratkeşleri hem gatnaşýarlar. Olaryň «Haýwanlar biziň dostlarymyzdyr» atly temadan çeken suratlary köpleriň ünsüni özüne çekdi. Tebigatçy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Täjigül Gurbanowa ýaş suratkeşleri gutlady we olara sowgatlary gowşurdy.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň ählisi serginiň ekspozisiýasyna aýlanyp, onda ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Sergide hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler barada ýazan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik işi, ylmyň dürli pudaklaryna degişli kitaplar hem ýerleşdirilen. Serginiň ikinji bölüminde Döwlet muzeýiniň ýazuw çeşmeleri gaznasynda saklanylýan, ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge uly goşant goşan belli alymlaryň portretleri, XX asyrda arheologiýa, etnografiýa, filologiýa, geologiýa, biologiýa, paleontologiýa ylymlary bilen bagly alnyp barylan ylmy barlaglar barada gürrüň berýän dokumental fotosuratlar görkezilýär.

Üçünji bölümde daşky gurşawy goramagyň güni bilen bagly ýurdumyzyň gözel tebigatyny wasp edýän nakgaş eserleri, guşlar bilen bezelen täsin zergärçilik eserleri, ülkämiziň haýwanat we ösümlik dünýäsini suratlandyrýan fotosuratlar, geçen asyryň 50-nji ýyllaryna degişli plakatlar, muzeýiň işgärleri tarapyndan ýasalan ikebana we türkmen gelin-gyzlary tarapyndan dokalan şekilli halylar goýlupdyr.