«Ene kalby nepisligiň nusgasy»

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň gurnamagynda Aşgabadyň Gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň bejeren kürtesi barada

 «Ene kalby nepisligiň nusgasy» atly aýdym-sazly dabaraly çäre gurnaldy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň

Döwlet muzeýi hem şol çäre mynasybetli sergi gurnady

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, milli däp-dessurlaryny, ruhy we maddy gymmatlyklaryny ösdürmeklige, ony dünýä ýaýmaklyga aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň milli ýörelgeleri, däp-dessurlary örän gadymylygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ene-mamalarymyzyň el işleriniň üstünden ençe asyr geçse-de, olar özüniň reňk öwüşgününi, owadanlygyny ýitirmändir. Ene – mamalarymyzyň elinden çykan bezemen tikilen lybaslaryň hersiniň aňyrsynda uly many bar. Türkmen milli egin-eşikleriniň has özboluşly nusgasy bolan gyzyl kürteler we gülli joraplar gadymy mirasymyzy dünýä ýaýýar.

         Gyzlar el işlerini öwrenmeklige heniz çaga döwürleri başlapdyrlar. Mähriban Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje ýaşlygynda dogumly, erjel gyzlaryň biri bolup, ejesiniň öwreden ähli el işlerini ussatlyk bilen öwrenipdir. Ogulabat eje keşde çekmegiň, jorap örmegiň, ýagny dürli zenan el işleriniň ussadydyr. Ol baldyzynyň bagt ýoluna gadam basanda geýjek çykyş kürtesini owadan nagyşlar bilen keşdeläp, gülli jorabyny ýagşy arzuw-niýetler bilen örüp sowgat beripdir.

         Gyrmyzy kürte gyzyl keteniden tikilip, gözden-dilden gorasyn diýen ýagşy arzuw-umytlar bilen ýakasy ýarty «ok gözi», «gyýak», «içýan agyz», el tutary «tazy guýruk», syny, etegi, ýartmajy, ýeňi «ýarty okgözi», «içýan agyz» nagyşlary bilen keşdeläp bezelipdir. Ýeň sapysy gara keteni bilen tikilip «okgözi», «içýan agyz» nagyşlary bilen nagyşlanypdyr. Aragerbisine işilen iki sany «çagajykly alaja» birleşdirilip bezelip, iki alajanyň merkezine düýe ýüň çatylypdyr. Çagajykly alaja ýaş gelniň gujagynyň bäbekli, dowamatynyň dowamly bolmagyny yrym edilip çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda bir «gyýak» nagşynyň ýerine köjüme usulynda 1971-nji ýyl diýen ýazgy tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni 20 günüň içinde taýýarlap, baldyzyna bagtly durmuşy arzuw edip sowgat beripdir. Ogulabat ejäniň öz elleri bilen inçeden nepisläp ören gülli jorabyny, oňa salynan «ýürek», «ala gowurdak», «kebelekli tegbent» nagyşlaryny synladygyňça täsin bir dünýä aralaşanyňy duýman galýaň. Ogulabat ejäniň şol öz elleri bilen keşdelän kürtesi Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň görnükli ýerinde sergilenip goýuldy.

Milli lybaslara salynýan her bir nagyşda özboluşly many bar. Tikin tikmek, sünnäläp keşde gaýamak, aňsat iş däldir. Ogulabat ejäniň keşdelän gyrmyzy kürtesi, ören gülli joraby nesilden – nesile arzylanyp saklanylýan gymmatly miras bolar. Ogulabat ejäniň sünnäläp, ýerine ýetiren el işleri ähli gyz-gelinler üçin nusgalyk göreldedir. Olar hiç mahal hem öz ähmiýetini ýitirmez.

         Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň gurnamagynda Aşgabadyň Gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejemiziň bejeren kürtesi mynasybetli «Ene kalby nepisligiň nusgasy» atly aýdym-sazly dabaraly çäre gurnaldy. Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasyndan sergi gurnalyp, onda gadymy nusgadaky kürteleriň, çyrpylaryň, keteni köýnekleriň dürli görnüşleri, döwrebap panno halylar we haly önümleri görkezildi. Dabara döredijilik adamlary, orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.