2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli « Mirasyň bezegi türkmen halysy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

 

         Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýeti ösdürmek, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz işler durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, her bir halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, özboluşly geçmiş taryhy bar. Türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öz mynasyp goşandyny goşmaklygy başaran halkdyr.

         Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Mirasyň bezegi türkmen halysy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Utgaşdyrma bölüminiň müdiri Maýsagül Geldiýewa maslahaty alyp bardy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa, «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Annabibi Islamowa, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň işgäri Jahan Kurbanowa gatnaşdylar we Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge berýän ünsi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Döredijilik duşuşygy tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralan «Ak öýüň bezeg haly önümleri» atly sergä aýlanyp gördüler. Döwlet muzeýiniň işgärleriniň beren gürrüňleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy.