Primary tabs
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň şähergurluşyk – binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde ak şäherimiz Aşgabat «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem beýik işler bilen öz çägini barha giňeldýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp 2021-nji ýylyň 21-nji maýynda «Ak mermerli gözel Aşgabat» atly sergi gurnaldy. Sergi Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar.
Serginiň ekspozisiýasy esasy iki sany bölümden ybarat bolup, birinji bölüminde Ýazuw çeşmeleri gaznasynda saklanylýan fotosuratlar arkaly Aşgabat şäheriniň taryhy görkezilýär. Serginiň ikinji bölüminde şäherimiziň häzirki gözel binalarynyň, seýilgähleriniň, suw çüwdürimleriniň birnäçesiniň fotosuratlaryny synlamak bolýar. Bu fotosuratlaryň arasynda Ginnessiň rekordlar kitabyna girizilen Oguz han suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň iň uly ýapyk görnüşli aýlanýan syn ediş meýdançasy, Olimpiýa şäherçesiniň desgalary we başgalar görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplaryna, paýtagtymyzyň gözel keşbini janlandyrýan halylara, fotosuratlara, surat eserlerine, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine esasy orun berilýär. Gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk bilen döreden «Garaşsyzlyk binasy», «Aşgabat binasy», «Ak şäherim Aşgabat» ýaly ajaýyp şekilli el halylary serginiň görküne görk goşýar. Dokumental fotosuratlaryň esasynda Aşgabat şäheriniň öňki we häzirki durkuny özara deňeşdirmek mümkin. Olary synlan mahalyň, Aşgabadyň bedew bady bilen öňe ilerleýänligine aýdyň göz ýetirýärsiň. Aşgabat bu gün Garaşsyz Watanymyzyň nury, Merkezi Aziýanyň merjen şäheri, mähir mekany hasaplanylýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Aýgözel Nurlyýewa, «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Ahalmyrat Ýagşyýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa, «Bereketli toprak» gazetiniň işgäri, halypa şahyr Altyn Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni Güljeren Ýagşyýewa we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri Akjagül Galmykowa gatnaşdylar.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, olar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Dabara gatnaşyjylar Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp Döwlet muzeýinde gurnalan «Ak mermerli gözel Aşgabat» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.