Primary tabs
2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň bejeren kürtesiniň hem-de ören jorabynyň muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabara medeniýet işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Muzeýiň ylmy işgärleri halkymyzyň däp-dessurlary, gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri, aýratyn-da türkmen kürtesi we keşdeçilik sungaty barada gürrüň berdiler. Hünärmenler Ogulabat ejäniň keşdelenen gyzyl kürtäni we gülli jorabyň 1971-nji ýylda baldyzy üçin niýetläp edenligi we 20 güniň içinde ýerine ýetirenligi barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler. Ogulabat ejäniň el hünäri, çeperçilik ussatlygy barada aýdyp, öz sünnäläp bejeren kürtesini muzeýe tabşyrmak bilen nusgalyk görelde görkezendigini hem buýsanç bilen belläp geçdiler. Gelin-gyzlarymyzyň gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize laýyklykda baýlaşdyrýan däp-dessurlarymyzyň bu gün mynasyp dowam etdirilýänligi barada hem durup geçdiler.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünärini siňdiren, sünnäläp bejeren kürtesini we gülli jorabyny synlap, öz ýürek joşgunlaryny beýan etdiler.
Bu kürtäniň hem-de ýüň jorabyň muzeýe gowşurylmagy muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna, şeýle hem milli mirasymyzy giňden wagyz edilmegine uly goşant boldy.