Primary tabs
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan edilen şu ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň öz elleri bilen bejeren kürtesiniň hem-de gülli jorabynyň tabşyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dabaraly çäre bolup geçdi. Bu dabarada «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Türkmenistanyň Ministirler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa, Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr G.Şagulyýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy J.Saparowa, şeýle hem ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler halkymyzyň däp-dessurlary, gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri, aýratyn-da türkmen kürtesi we keşdeçilik sungaty barada gürrüň berdiler. Ogulabat ejäniň el hünäri, çeperçilik ussatlygy barada aýdyp, öz eden kürtesini muzeýe tabşyrmak bilen nusgalyk görelde görkezendigini bellediler. Maslahat tanymal sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen jemlendi.
Soňra dabara gatnaşyjylar muzeýiň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi bölümlerine gezelenç etdiler. Türkmen milli egin-eşikleriniň we bezeg şaý-sepleriniň asyl nusgalary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gymmatlyklary synlan myhmanlar özlerinde galdyran täsiri barada buýsanç bilen çykyş etdiler.
Myhmanlar Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidenti muzeýinde gezelenji dowam etdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünärini siňdiren, sünnäläp bejeren kürtesiniň we gülli jorabynyň witrinada ýerleşdirilen ýerine baryp gördüler. Myhmanlara gymmatly sowgatlar barada muzeý işgärleri gürrüň berdiler. 1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen gyzyl kürte «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» ýaly nagyşlar bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, iki ýeňiň merkezinden birikdirilipdir. Ýakasynyň sag tarapynda «1971» diýen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni baldyzy üçin niýetläp tikipdir. Ol kürtäni hem-de gülli joraby 20 günüň içinde taýýarlapdyr. Bu bolsa Ogulabat ejäniň işeňňirliginden, zähmetsöýerliginden, tutanýerliliginden habar berýär. Tikin tikip, keşde gaýamak aňsat iş däl. «Iňňe bilen guýy gazan» ýaly diýilýär. Emma muňa garamazdan, Ogulabat eje bu kürtäni şeýle inçelik bilen, şol döwre mahsus görnüşde bejeripdir. Mundan başga-da, biziň muzeýimize Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem tabşyryldy. Bu gülli jorap ussatlyk bilen örülipdir. Bu joraba hem öz döwrüne mahsus nagyşlar salnypdyr.
Muzeýe gelen myhmanlara milli sungata, el işlerine söýgi döretmek üçin geçen taryhy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten gymmatlyklar barada başga-da köp gyzykly maglumatlar gürrüň berildi.