Primary tabs
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurdaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, durnukly ösüşiň, paraharçylygyň we ynsanperwerligiň, abadan we bagtyýar durmuşyň hukuk esasyny düzýär.
Ýaşyl tugumyz milli guwanjymyz bolup, BMG-niň edara binasynyň, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň, wekilhanalarymyzyň öňünde parlamak bilen, buýsanjymyzy pugtalandyrýar, göwünlerimizi galkyndyrýar. Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlyklarymyzdyr.
Baýramçylyk sergimizde hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary hem görkezildi.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy.
Serginiň açylyş dabarasyna şahyr, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Gurbanberdiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Atajan Burunow, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Nurýagdy Suhanow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Bank işi kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Baýramdurdy Taýharow, çykyp geplediler.
Sergä gatnaşan myhmanlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň ähmiýeti, olaryň belent manysy, mukaddesligi barada gyzykly gürrüň berdiler, goşgular okadylar. Bu çykyşlar bu ýere gelen myhmanlarda, muzeýiň işgärlerinde uly täsir galdyrdy.