Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň
7-nji maýynda Beýik Ýeňiş baýramynyň 76 ýyllygy mynasybetli
«Watan mertleri baky ýaşaýar» atly sergi gurnaldy
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bu ýylda halkymyz Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş bilen tamamlanmagynyň 76 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny hem-de Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçýär. Bu baýramçylyklaryň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilmeginiň uly manysy bar. Çünki Türkmenistan akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan zamanasy bolan Garaşsyzlygyna eýe boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ak şäherimiz Aşgabat bolsa, dünýä ýurtlarynyň arasynda görenleri haýran edýän nusgalyk şäherleriň birine öwrüldi.
Beýik Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watan mertleri baky ýaşaýar» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy.
Şu ýyl Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Mekan Gurbandurdyýew tarapyndan 1948-nji ýylda düşürilen, ak-gara görnüşli 10x15sm ölçegde fotosurat tabşyryldy. M.Gurbandurdyýewiň gürrüň bermegine görä, ol fotosurat 1948-nji ýylda ýer titremäniň öňüsyrasynda Berdimuhamet Annaýewiň Gökdepe raýon bilim müdirliginiň usulyýet bölümine müdirlik eden döwründe etrabyň mugallymlarynyň ýygnanyşygynda ýadygärlik hökmünde düşürilipdir.
Serginiň girişinde Mekan Gurbandurdyýew tarapyndan tabşyrylyp, ilkinji gezek köpçülige görkezilýän Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň şol fotosuratynyň göçürmesi hem-de hala çitilen keşbi görnükli ýerde ýerleşdirildi. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan Döwlet nyşanlarynyň fotosuratlaryna, Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýeňiş barada aýdan pähimli sözlerine hem-de Garaşsyzlyk döwrümizi wasp edýän zergärçilik eserlerine görnükli ýerde orun berilýär. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» atly eseri bu ýerdäki kitap sergisini bezeýär. XX asyryň iň gazaply urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezen watandaşlarymyzy hormatlamak dabarasynyň pursatlaryny suratlandyrýan fotosuratlar görkezilýär. Beýik Watançylyk urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk hanyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň kiçeldilen nusgasy, dürbi, söweş torbasy, ot açýan ýaraglar we başga-da birnäçe esger esbaplary goýlupdyr.
Sergide 1941-1945-nji ýyllarda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek hökmünde esgerlere niýetläp tiken ýyly egin-eşiklerini, altyn-kümüş bezeg şaýlaryny tabşyryp duran pursatlaryny görkezýän dokumental fotosuratlary synlamak bolýar. Söweş meýdanlaryndaky esgerlerden gelen hatlaryň okalyp durlan pursatlaryny, söweşe gatnaşyp, edermenlik görkezen Gurban Durdy, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow ýaly gerçeklerimiziň fotоsuratlaryny, belli suratkeş K.Hnykin tarapyndan döredilen portretleri, söweşde gahrymançylyk görkezen esgerlere gowşurylan ordendir medallary, frontdan gelen üçburçly hatlary, urşa gatnaşyp edermenlik görkezen esgerleriň şahsy dokumentlerini synlamak bolýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy.
Sergä Aşgabat şäher Ýaşulylar geňeşiniň agzasy Kadyrberdi Jepbarow, Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Rejepmyrat Allaberdiýew, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy Aman Hydyrow, Aşgabat şäher häkimliginiň işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Erkin Kösäýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, zähmet weterany Ogulgül Annageldiýewa gatnaşdylar.
Sergä gelen myhmanlar täsirli gürrüňler bilen çykyş etdiler we gurnalan sergä aýlanyp gördüler.