2021-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebinde sergi gurnaldy

 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu şanly seneler mynasybetli 2021-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem-de Türkmenistanyň Mukamlar köşgüniň döredijilik işgärleri bilen «Aşgabat – ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mekany» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.

Maslahaty Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory, ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent E.G.Rahmanowa giriş sözi bilen açdy. Soňra maslahatda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Döwletgeldi Annamyradow, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Ismaýyl Ýusupow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi bölüminiň müdiri Amangül Karakulowa, Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ismaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Jemile Orazmyradowa, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Hojanazar Turaýew we başgalar çykyş etdiler. Çykyşlarda döwletimiziň beýik binagäri, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanýan üstünlikleri, Aziýanyň merjeni, paýtagtymyz Aşgabadyň Günüň nuruna lowurdap duran ak mermerli beýik binalary, giň köçeleri, bagy-bossanlyga, al-ýaşyl güllere bürenip oturan seýilgähleri wasp edildi. Arkadag Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ylmy-döredijilik maslahatynyň çäginde, bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan sergi hem gurnaldy. Sergide gözel paýtagtymyzy suratlandyrýan fotosuratlar, gelin-gyzlarymyzyň dokan ajaýyp şekilli halylary goýlupdyr. Mundan başga-da türkmen halkynyň milli saz gurallary, gadymy egin-eşikleri, haly önümleri we öý esbaplary giňden görkezildi.