Primary tabs
Beýik Ýeňişiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly dabara geçirdi. Şol dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Merdana gerçeklere belent sarpa» atly göçme sergi gurnaldy.
Sergi Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň görnükli ýerde ýerleşdirilen hala çitilen keşbi bilen açylýar. Beýik Watançylyk urşunyň gowgaly ýyllary barada gymmatly maglumat berýän eksponatlar bu ýere gelýänlerde uly täsir galdyrýar. Onda 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan esgerleriň saklanyp galan egin-eşikleri, şol döwürde tylda ulanylan zähmet gurallary, gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek hökmünde esgerlere niýetläp tiken ýyly egin-eşikleri sergilenipdir. Sergi ýaşlarda watana söýgi döretmek bilen parahat durmuşymyza buýsanjyňy artdyrýar.