Ganatly bedewler - halkymyzyň buýsanjy we şan-şöhraty

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylan 2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmen bedewiniň we Türkmen alabaýynyň milli baýramy mynasybetli «Ganatly bedewler - halkymyzyň buýsanjy we şan-şöhraty» atly sergi gurnaldy

 

Halkymyzyň taryhy – medeni mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklarynyň arasynda ahalteke bedewi we türkmen alabaýy aýratyn orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz ynsanyň ýakyn dosty, syrdaşy hasaplanýan türkmen alabaýynyň dünýädäki abraýyny artdyrmak maksady bilen, şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakyndaky Permana gol çekip, ony Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemegi karar etdi. Türkmen bedewiniň hem-de alabaýynyň milli baýramynyň bilelikde geçirilmegi gözelligiň, sazlaşygyň, agzybirligiň, jebisligiň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň we Türkmen alabaýynyň milli baýramy mynasybetli «Ganatly bedewler –  halkymyzyň buýsanjy we şan-şöhraty» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň portreti, ýylyň şygary, türkmen bedewi barada aýdan pähimli sözleri bilen açylýar. Sergide muzeýimiziň Şekillendiriş sungaty eserleriniň gaznasynda goralyp saklanylýan nakgaş eserleri, Ýazuw çeşmeler gaznasyndan çykarylan türkmen alabaýynyň, ahalteke atlaryň, ussat çapyksuwarlaryň, seýisleriň fotosuratlary, türkmen bedewiniň we alabaýynyň keşbi suratlandyrylan haly pannolar görkezilipdir. Muzeýiň merkezinde gurnalan sergide ahalteke bedewiniň heýkeli, alabaýy, milli lybasly türkmen ýigidiniň keşbi goýlupdyr. Ahalteke bedewi gadymy at esbaplary, bezeg şaýlary, haly önümleri bilen birkemsiz bezelipdir. Muzeýiň gaznalarynda saklanylýan bedewlere degişli haly we haly önümleriniň, keçeleriň, ahalteke bedewiniň kümüşden ýasalyp altyn çaýylan, hakyk we pöwrüze gaşlary bilen bezelen şaý-sepleriniň, serkeç, gama, gamçy ýaly gadymy eserleriň görkezilmegi serginiň many-mazmunyny çuňlaşdyrýar. Türkmen ak öýüniň bir bölegi haly önümleri, at ýapynjalary, at basyrgylary, at köýnekçeleri, eýerlikleri, gap-gaçlar, saz gurallary bilen utgaşyp, milli mirasymyzyň gymmatlyklarynyň sazlaşygyny görkezýär. Ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýynyň dabarasy bu günki gün ýedi yklyma ýaň salýar.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy.

 Soňra Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň milli at üstündäki oýunlar hünäriniň mugallymlary Toýly Çaryýew, Ýalkapberdi Annamyradow, Türkmen döwlet sport we bedenterbiýe institutynyň Olimpiýa fakultetiniň atçylyk sporty hünäriniň mugallymy Welnazar Hudaýberdiýew, hususy seýis Gulmyrat Aşyrow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşy kafedrasynyň mugallymy Magtymguly Magtymgulyýew, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy we «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň iş ýöredijisi Jennet Seýdiýewa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň muzeý müdiri Züleýha Ataýewa, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi Derýa Saparow we Türkmen alabaýy assosiýasynyň agzasy Mekan Gurbandurdyýew çykyş etdiler. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Ogulgerek Kössekowa we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni Akjemal Suhanowa dabara işjeň gatnaşdylar.