Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli göçme sergi gurnady

 

Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan etmegi hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyny döwlet derejesinde bellemek barada Kararnamany kabul etmegi bizi diýseň buýsandyrýar.

Bu ýylda halkymyzyň milli gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň häzirki nurana keşbi halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli däp-dessurlary, ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Parahatçylyk, ynanyşmak, birek-biregi goldamak, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk – türkmen halkynyň ata-baba asylly ýol -ýörelgesi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan ajaýyp sergi gurnaldy. Onda döwlet muzeýiniň Maddy medeniýet gaznasynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar: haly we haly önümleri, milli saz gurallarymyz, dokmaçylykda ulanylýan birnäçe esbaplar, ýumaklar, ikler, darak we öý hojalygynda ulanylýan gap-gaçlar görkezildi, berkarar döwletimiziň tebigat gözelliklerini we ösümlik dünýäsini şekillendirýän halylar sergä aýratyn bezeg berýär.