Primary tabs
Gadamy batly bedew
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli, taryhy hem-de medeni mirasyny gorap saklamak, dünýäde giňden wagyz etmek babatda durmuşa geçirýän işleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň türkmeniň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewini we türkmen alabaý itini gorap saklamak, halk seçgiçiligi we häzirki zaman dünýä ylmynyň usullaryny ulanmak arkaly olaryň sanyny köpeltmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem dürli çäreleri geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň karary bilen 2009-njy ýyldan başlap türkmen bedewiniň gözellik bäsleşiginiň yglan edilmegi, atçapyşyklaryň, milli atly sport ýaryşlarynyň gurnalmagy, «Ýylyň iň owadan ahalteke aty» atly bäsleşigiň geçirilmegi türkmen ahalteke bedewleriniň şöhratyny bütündünýä ýaýmak we biziň behişdi bedewlerimize söýgi döretmek baradaky uly aladalardyr. Bedew baýramçylygy Türkmenistanda giň gerim bilen bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz alabaý itiniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy bilen bilelikde alabaý itiniň baýramy hem giň gerim bilen bellenilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyn 14-nji aprelinde «Gadamy batly bedew» atly ylmy maslahat gurnaldy.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy.
Maslahatуň açylyş dabarasyna Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Akynyýaz Sapargeldiýew, Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Daýanç Reýimow, hususy atşynas Bäşimdurdy Şadurdyýew, «Sport» teleýaýlymynyň jogapkär kätibi Narly Nuryýew we Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri Aýjeren Ýaýlymowa gatnaşdylar.
Maslahata çagyrylan atşynaslar we itşynaslar Türkmen bedewiniň owadanlygy, ýyndamlygy, alabaý itiniň ynsana wepaly dostlugy barada gyzykly gürrüňler berdiler.