2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Türkmen Döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynda sergi gurnaldy

 

         Milli gymmatlyklarymyzyň arasynda behişdi bedewleriň aýratyn orny bar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny jahana ýaýýar.      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda we dürli edaralarda Türkmen bedewiniň gününe bagyşlap göçme sergileri giňden gurnalýar.

Türkmen Döwlet Binagärlik gurluşyk instituty bu milli baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde uly dabara geçirdi. Şol dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy» atly göçme sergi gurnaldy.

        Sergide türkmen gelin-gyzlaryň dokan ahalteke bedewleriniň keşbini janlandyran haly pannolar möhüm orny eýeleýär. Ondan başga-da sergide, at ýapynjalar, eýerlikler, atyň eýeri, metaldan ýasalan ahalteke bedewiniň heýkelleriniň dürli görnüşleri görkezilýär.