Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde
«Saglyk – sagdynlygyň gözbaşy» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylymyz täze üstünlikler bilen dowam edýär. Depginli ösüşleri özüne hemra we maksat edinen häzirki eşretli zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ynsan saglygy barada edilýän uly alada ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy bilen deň hatarda döwlet ösüşiniň aýratyn möhüm ugrydyr.
Ýurdumyzda her ýylyň 7-nji apreli Bütindünýä saglyk güni hökmünde giňden baýram edilýär. Bu baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäsleşikleridir dabaralara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, ony işjeň wagyz edýän döwlet ýolbaşçysy hökmünde bütin dünýäde tanalýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
Ýaşlary sporta çekmekde, ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly, bilimli bolup ýetişmeginde düýpli özgerişlere badalga berildi hem-de bu asylly iş barha rowaçlanýar. Sportyň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlarda rekordlary täzelän türgenlerimiziň sany köpelip, dünýäde türkmen sportunyň abraýy-da belende galýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň agzybir işgärleri hem ýurdymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, türkmen sportynyň abraýyny has-da belende götermek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerini ýaýbaňlandyrmak meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň biridigini wagyz etmek bilen sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýärler. Muzeýde ýerleşýän witrinalarda görkezilen saglyk ulgamyna degişli bolan maglumatlar, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaplary barada, türkmen sportuny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn üns berýändigi dogrusynda muzeýimiziň işgärleri wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.
Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesinde terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Saglyk – sagdynlygyň gözbaşy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory M.Çaryýew açdy.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy Jennet Öwekowa, Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň maşgala lukmanlarynyň bölüm müdiri Sapargül Tirkeşowa, «Olimp» orta sport mekdebiniň agyr atletika boýunça talimçi mugallymy Şöhrat Baýrammyradow, «Olimp» orta sport mekdebiniň grek-rim göreşi görnüşinden okuwçy türgeni Parahatmyrat Aşyrow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, Halkara derejeli sport ussady Jemal Öwlýagulyýewa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, Halkara derejeli sport ussady Aýgül Babaýewa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, sport ussady Annamyrat Goşanyýazow we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Jumamyrat Mämmedow gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Saglyk – sagdynlygyň gözbaşy» atly maslahatda çykyş edenler bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, adamyň ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn bolmagyny sazlaşykly utgaşdyrmak halkymyzyň saglygyna oňaýly täsir edýän möhüm şertlerdigini, sagdyn durmuş ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürülýändigini aýdyp, maslahata gatnaşan myhmanlar örän täsirli gürrüňler bilen çykyş etdiler.