Primary tabs
Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan etmegi hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyny döwlet derejesinde bellemek barada Kararnamany kabul etmegi bizi diýseň buýsandyrýar.
Parahatçylyk, ynanyşmak, birek-biregi goldamak, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk türkmen halkynyň ata-baba asylly ýol-ýörelgesidir. Şol ýol-ýörelgeler bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň häzirki nurana keşbi halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli däp-dessurlary, ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan ajaýyp sergi gurnaldy. Sergide Döwlet muzeýiniň Maddy medeniýet gaznasynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar, haly we haly önümleri, milli saz gurallarymyz, dokmaçylykda ulanylýan birnäçe esbaplar, ýumaklar, ikler, darak we öý hojalygynda ulanylýan gap-gaçlar goýlupdyr, berkarar döwletimiziň tebigat gözelliklerini we ösümlik dünýäsini şekillendirýän halylar sergä özboluşly bezeg berýär.