Submitted by museum on 01.04.2021
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan ýylynda taýçanagyň dünýä inmegi we oňa hormatly Prezidentimiz tarapyndan paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bilen baglylykda, Aşgabat adynyň dakylmagy mynasybetli 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde “Akhan bedewi” atly uly dabara geçirdi. Şol dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy» atly göçme sergi gurnaldy.
Sergide ak taýçanagyň, ahalteke bedewleriniň keşbini janlandyran haly pannolar möhüm orny eýeleýär. Ondan başga-da sergide, at ýapynjalar, eýerlikler, atyň eýeri, metaldan ýasalan ahalteke bedewiniň heýkelleriniň dürli görnüşleri görkezilýär.