Primary tabs
2021-nji ýylyň 9-njy marty
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda muzeý işini kämilleşdirmekde, şeýle hem muzeýleri sanly ulgama geçirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda daşary ýurtlar bilen özara tejribe alyşmaga we maslahatlaşmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň muzeýleriniň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 9-12-nji marty aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirilýär. Bu maslahat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasynyň teklibi esasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalýar.
9-njy martda geçirilen maslahata ýurdumyzyň muzeýleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisi Mattýu S. Klimou, şeýle hem Gallaher Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Patrik Gallaher gatnaşdy. Maslahatda muzeýleriň öz-özüni maliýeleşdirmek meselelerine seredildi. Bu maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Ol öz çykyşynda şu maslahatyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň muzeýleriniň işini kämilleşdirmekde uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Bu ugurda daşary ýurtlaryň muzeý işgärleri bilen tejribe alyşmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza sag bolsun aýtdy.
Soňra maslahatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi söz sözledi. Ol ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak arkaly geçirilýän maslahatyň ýokary derejede guralmagynda iki ýurduň Prezidentlerine sag bolsun aýtdy. Ol özüniň Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde, ýurdumyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerinde birnäçe gezek bolup görendigini belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň ähli muzeýleriniň taryhyny dikeltmekde «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň Maksatnamasyny» goldaýandygyny aýtdy.
Soňra maslahatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gallaher Assosiasiýasynyň prezidenti Patrik Gallaher ýörite prezentasiýa arkaly umumy muzeýler hem-de medeniýet işi barada giňişleýin gürrüň berdi. Muzeýleri sanly ulgama geçirilmegi we wirtual muzeýi döretmegi, muzeýleriň maliýeleşdirilmegine uly ýardam berilýänligini belläp geçdi. Türkmen tarapyndan maslahata gatnaşýan ýurdumyzyň muzeýleriniň işgärleri özlerini gyzyklandyrýan birnäçe sowallary berdiler. Patrik Gallaher sowallara giňişleýin jogap berdi.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew Patrik Gallahere eden çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, maslahaty guraýjylara sag bolsun aýtdy.