Primary tabs
Bahar paslynyň ilkinji günleri ýurdumyzda gelin-gyzlaryň Halkara güni giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelin-gyzlarymyzyň zähmetine ýokary baha berýär. Biziň ýurdumyzda hem bu baýramyň dabaraly ýagdaýda giňden bellenilmegi muňa şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda we dürli edaralarda gelin-gyzlaryň Halkara gününe bagyşlap göçme sergileri giňden gurnalýar.
Türkmen Döwlet Binagärlik gurluşyk instituty gelin-gyzlaryň Halkara güni mynasybetli 2021-nji ýylyň 3-nji martynda «Bitarap döwletiň bagtyýar zenanlary» atly dabara geçirdi. Şol dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Türkmen zenanlaryň ussatlygy» atly göçme sergi gurnaldy.
Älemgoşar öwüşginli dürli reňkli keteniden tikilen owadan milli lybaslarymyz sergä aýratyn gözellik, gaýtalanmajak millilik ruhuny çaýýar. Sergide görkezilen inçeden keşde bilen bejerilen gadymy çyrpylar hem-de kürteler gelin-gyzlaryň ussatlygyna haýran edýär. Häzirki döwürde dokalan ajaýyp şekilli halylar sergini has-da bezeýär.