Primary tabs
2021-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Zenan – gözellik dünýäsi» atly sergi açyldy. Sergä Watanymyzyň tanymal adamlary, muzeý, medeniýet we döredijilik işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary gatnaşdylar.
Halkymyz adamzat taryhynyň irki döwürlerinden başlap gelin-gyzlara aýratyn söýgi we hormat bilen sarpa goýýarlar.
Hormatly Prezidentimiz mähriban zenanlarymyzyň zähmetine ýokary baha berýär. Biziň ýurdumyzda hem bu baýramyň dabaraly ýagdaýda giňden bellenilmegi, zenanlara gowşurylýan döwlet sylaglary munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp gurnalan «Zenan – gözellik dünýäsi» atly sergide bahar pasly, mähriban Diýarymyzyň tebigaty, gelin-gyzlarymyzyň gözelligi suratlaryň, zergärçilik kompozisiýalarynyň we haly pannolaryň üsti bilen beýan edilýär.
Ýaz paslynyň läle – reýhan gözelligini özünde jemleýän, dürli reňkli keteniden tikilen owadan milli lybaslarymyz sergä aýratyn gözellik, gaýtalanmajak millilik ruhuny çaýýar. Milli nagyşlar owadanlygy, nepisligi bilen gelin-gyzlaryň dünýäsini özünde jemleýän inçe sungatdyr. Elde edilen nagyşlardyr keşdeler bilen bezelen milli egin-eşiklerimiziň şu günlere çenli gelip ýetendigi üçin biz gelin-gyzlarymyza, enelerimize, mamalarymyza minnetdar bolmalydyrys. Kümüşden ýasalan we gymmat baha tebigy reňkli daşlar bilen bezelen milli bezeg şaýlary sergä özboluşly bezeg berýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, Meretgeldi Çaryýewiň gutlag sözi bilen açdy.
Sergide Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory – Ysmaýyl Orazow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr – Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy – Azat Annaýew, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň uly mugallymy – Ýazgeldi Pirmedow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşylar kafedrasynyň uly mugallymy – Magtymguly Magtymgulyýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy-barlag bölüminiň müdiri – Söýün Sehetgylyjow we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kärdeşler arkalaşyk guramasynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa dagy çykyş etdiler.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Zenan – gözellik dünýäsi» atly sergä aýlanyp gördüler.