Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Hoşniýetli goňşuçylyk – türkmen Bitaraplygynyň asylly ýörelgeleri» atly ylmy-amaly maslahat 2021-nji ýylyň 19-njy fewralynda geçirildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde, türkmen medeniýeti döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýär we bütin dünýä ýaýylýar.
Ata Watanymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylyny uly ösüşlere beslemek maksadynda batly gadamlar bilen öňe barýar. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi türkmen döwletiniň özygtyýarlygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini hem mertebeliligini şöhratlandyrýan ähmiýetli wakadyr.
Malim bolşy ýaly, 14-15-nji ýanwarda bolup geçen taryhy wakalar – Akina - Andhoý demir ýolunyň, Kerki – Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň hem-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden halkymyzy täze zähmet üstünliklere ruhlandyrdy. Şeýle taryhy wakalaryň many – mazmunyny hem-de ähmiýetini wagyz etmek muzeý işgärlerine hem degişli bolup durýar.
Taryhyň ähli döwürlerinde-de türkmen topragynda parahatçylyga we asudalyga örän uly ähmiýet berlipdir. Ata-babalarymyz parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýup, olary halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri hökmünde nesillere miras galdyrypdyrlar. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basylan ilkinji günlerde ýurdumyz dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuş geçirilen iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Maslahatda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen milletleri dostlaşdyrýan, ynanyşmaklygy kalplara guýýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan nusgalyk işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Hoşniýetli goňşuçylyk – türkmen Bitaraplygynyň asylly ýörelgeleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, döredijilik adamlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi bölüminiň müdiri Amangül Karakulowa açdy.
Bu maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy Jennet Öwekowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynyň I-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Gülbahar Kulowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Taryhy ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Aýjeren Ýaýlymowa çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Hoşniýetli goňşuçylyk – türkmen Bitaraplygynyň asylly ýörelgeleri» atly maslahatda tutuş dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň mekany diýlip tanalýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şu güni we gelejegi barada maslahata gatnaşan myhmanlar örän täsirli çykyş etdiler.