Primary tabs
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ýurdumyzyň, halkymyzyň baý taryhyna uly orun degişlidigini nygtaýar. Ýurdumyzyň muzeýleri hem milli mirasy wagyz etmek we düşündirmek işine uly gоşant goşýarlar. Munuň üçin köpçülikleýin geçirilýän çärelerde, dabaralarda, ýaşlar üçin ýörite mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergiler yzygiderli gurnalýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanşymagyň Watany» ýyly mynasybetli 2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda «Ýörelgesi edep – göreldesi mekdep» atly bäsleşigi geçirdi. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Taryha baý Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly göçme sergi gurnady.
Sergide elde keşdelenen gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri, kümüşden ýasalan bezeg şaýlary, gündelik durmuşda ulanylan hojalyk esbaplary görkezilýär. Mundan başga-da gelin-gyzlaryň çeper ellerinden çykan el halylar sergini bezeýär.