Primary tabs
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkyň däp-dessurlaryny, milli aýratynlyklaryny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň arasynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň hormatyna sanly ulgam arkaly usuly maslahat we muzeý gymmatlyklaryndan taýýarlanylan «Türkmen mirasynda keçe sungatynyň orny» atly sergi geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow alyp bardy. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgamy ösdürmek boýunça edýän tagallalary netijesinde muzeýleriň arasynda duşuşyklaryň geçirilýändigini, şeýle hem geçen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Wirtual muzeýiniň döredilendigini, häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Wirtual muzeýini döretmäge taýýarlyk görülýändigi barada aýtdy. Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň ýolbaşçylaryna bolsa häzirki wagtdan Wirtual muzeýini döretmäge taýýarlyk görmäge girişmegi maslahat berdi. Şeýle-de, häzirki döwürde medeniýet ulgamynyň işini nähili edip talabalaýyk gurnamalydygy, asyrlar boýy sünnälenip, biziň günlerimize ýetirilen medeni-mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy asyl nusgasynda geljek nesillerimize nädip ýetirmelidigi barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary boýunça giňişleýin durup geçdi.
Soňra ol sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismaýyl Orazowa, Gökdepe milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrowa, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanowa, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýaňybaýewa, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatowa söz berdi.
Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň muzeý işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekde birnäçe işleri amala aşyrýandyklaryny, şol sanda halypa-şägirtlik ýoly boýunça duşuşyklaryň geçirilip durýandygyny, muzeý gymmatlyklary dogrusynda dürli ugurlar boýunça bäsleşikleriň geçirilýändigini aýdyp geçdiler. Şeýle hem 2021-nji – «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda muzeýleriň işini sanly ulgama geçirmekde has hem berk işlejekdikleri barada aýdyp geçdiler.