2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebinde «Türkmenistanyň janly tebigaty we milli gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy.

 

2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Döwlet we jemgyýetçilik muzeýleriniň muzeý gymmatlygyny saklaýjy merkeziniň işini utgaşdyrmak» bölüminiň işgärleriniň tarapyndan Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebinde «Türkmenistanyň janly tebigaty we milli gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy. Bu sergide biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri we suratlary hem-de türkmen halkynyň milli egin-eşikleri we haly önümleri sergilenip görkezildi. Okuwçylar sergide her görnüşiň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli mirasy barada gürrüň berdiler.