Türkmenistanyň janly tebigaty we milli gymmatlyklary

 

2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki Annaniýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdebinde «Türkmenistanyň janly tebigaty we milli gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy.

2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk» şahamçasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Annaniýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdebinde «Türkmenistanyň janly tebigaty we milli gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy. Bu sergide biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri we suratlary hem-de türkmen halkynyň milli egin-eşikleri we haly önümleri sergilenip görkezildi. Okuwçylar sergide her görnüşiň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli mirasy barada gürrüň berdiler.