Primary tabs
2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdepde «Türkmenistanyň janly tebigaty» atly sergi gurnaldy.
2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdepde «Türkmenistanyň janly tebigaty» atly sergi gurnaldy. Bu sergide biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri we suratlary sergilenip görkezildi. Okuwçylar sergide her görnüşiň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri Türkmenistanda seýrek duş gelýän haýwanlary goramakda Döwlet goraghanalarynda alnyp barylýan işleri barada gürrüň berdiler.