Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Guşlaryň halkara güni mynasybetli “Ülkämiziň guşlary” atly serginiň açylyş dabarasy geçirilýär.
Şol serginiň öňüsyrasy muzeýde guşlara degişli soraglaryň esasynda bäsleşigiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bäsleşik muzeýiň Baş binasynda 2021-nji ýylyň 17, 18, 19, 22, 24, 25, 26-njy fewralynda geçirilýär.
Isleg bildirýänleriň hemmesini (okuwçylary, ýaşlary, uly adamlary we ýaşululary) bäsleşige gatnaşmaga çagyrýarys.
Bäsleşigiň ýeňijileri 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde sagat 15-00-da geçiriljek “Ülkämiziň guşlary” atly serginiň açylyş dabarasynda ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.
Bäsleşikler bellenen senelerde sagat 14-00 geçirilýär.
Jogapkär: Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi.
Telefon: 48-25-92, 864079356.