Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Türkmenistan – hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» atly ylmy-amaly maslahat 2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, her bir ýylyň özboluşly atlandyrylmagy öňde goýýan maksatlarymyza tarap öňe gitmäge ýardam edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy dabaraly belleniljek ýylyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, türkmen halkynyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk hem ýurdumyzyň uly ösüşlere eýe boljakdygyna, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna eýe bolan 2021-nji ýylyň hem beýik taryhy ýylyň boljakdygyna halkymyz doly ynanýar.
2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergi hem-de onuň çäklerinde «Türkmenistan – hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň tanymal syýasatçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, döredijilik adamlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Türkmenistan – hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» atly maslahatda tutuş dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň mekany diýlip tanalýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi, şu güni barada maslahata gatnaşan myhmanlar örän täsirli çykyş etdiler.
Bu maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Atajan Burynow, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýa fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, S.A.Niýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor Italmaz Saparlyýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüni dolandyryş edaralary baradaky komitetiniň agzasy Serdar Durdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty, professor Meret Öwlýägulyýew, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Sapargeldi Durdyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy çykyş etdiler Didar Meredow. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň we Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri myhman hökmünde gatnaşdylar.