Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda «Dürler hazynasy» atly sergi açyldy.

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde döwletimizde bellenip geçilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli “Dürler hazynasy” atly sergi gurnaldy.

Sergi ekspozisiýasy üç bölümden ybarat bolup, ol muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklar esasynda gurnaldy. Birinji bölüminde biziň gadymy ata-babalarymyzyň ýaşan ýerleriniň köpüsinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar görkezildi. Bular çakmak daşyndan ýasalan ýiti pyçaklardyr peýkamlar, dürli gaplar, kosmetiki gutujyklar, hakyk, pöwrüze we lazurit daşlaryndan düzülen monjuklar. Ikinji bölüminde biziň ýurdumyzyň dürli minerallary we dag jynslary sergilenýär. Bu ýerde hem Türkmenistanyň geologiýa ylmynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan alymlaryň portretlerini we minerallar barada edebiýatlary görmek bolýar. Üçünji bölüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznalarynda saklanýan eksponatlar goýuldy. Bular ýörite taýýarlanan daşlar, gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlar bilen bezelen sowgatlyklar, bijaý owadan, ýylmanan tebigy daşlar ulanylan kompozisiýalardyr.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa gutlag sözi bilen açdy. Dabara Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy, geologiýa-minerаlogiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgerek Baýramdurdyýewa, Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbangözel Saparowa, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň mugallymy, geologiýa-minerаlogiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakin we şol uniwersitetiň geografiýa fakultetiniň mugallymy Nurberdi Nurberdiýew, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň gazy gaýtadan işleýiş bölüminiň müdiri Sona Kerimowa we “Türkmengeologiýa” Döwlet kärhanasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň 2-nji derejeli inženeri Suraý Joraýewa dagy gatnaşdylar.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Dürler hazynasy» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.