Primary tabs
2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli «Mukaddes hakyda» atly sergi gurnaldy. Serginiň açylyşyna ýurdumyzyň tanymal alymlary, medeniýet işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şehit bolanlaryň hatyrasy belent tutulýar. Her ýylyň 6-njy oktýabry – Hatyra güni şu asylly ýörelgeler döwlet derejesinde dowam edýär. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gijede bolan ýer titremesi Aşgabat şäherini we onuň töweregini weýrançylyga öwrüpdi. Şol gün müňlerçe adam harabalyklaryň aşagynda galdy. Adam ýitgilerinden başga döwlet täsin arhitektura ýadygärliklerini, köpsanly ýazuw çeşmelerini, arheologik tapyndylaryny we etnografik gymmatlyklary ýitirdi. Bu tebigy heläkçilik häzirki güne çenli nesilleriň hakydasynda ýaşaýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanan «Mukaddes hakyda» atly sergi gurnaldy. Sergi birnäçe bölümden ybarat bolup, muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar görkezildi. Sergi hormatly Prezidentimiziň parasatly sözleri, türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserleri bilen başlanýar. Sergide Aşgabat şäheriniň ýer titremesinden öňki durkuny görkezýän fotosuratlar öz beýanyny tapýar. Şeýle-de Aşgabat şäheriniň şol wakadan soňky pajygaly keşbi fotosuratlaryň üsti bilen beýan edilýär. Tebigy apatdan aman galanlaryň bu heläkçilikden ejir çeken adamlary halas etmekde görkezen gaýduwsyzlyklary, agyr günlerde kömege gelen lukmanlaryň bitiren hyzmatlary baradaky fotosuratlar görkezilýär. Halk bu pajygaly ýagdaýy ýeňip geçip, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini dikeltdi. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde Merkezi Aziýanyň merjenine öwrülen häzirkizaman ak mermerli Aşgabadyň keşbini görkezýän fotosuratlar serginiň bezegine öwrüldi. Bular ajaýyp binalar, medeni we dynç alyş seýilgähleri, şeýle hem arhitektura ýadygärlikleri görnüşindäki sowgatlyk kompozisiýalary bolup durýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp gurnalan «Mukaddes hakyda» atly sergini muzeýiň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri Kakajan Baýramow, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Täçnabat Paýtykowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa çykyş etdiler.